72 ýaşly italiýaly ýolbelet Marko Polonyň ugry boýunça Hytaýa pyýada gitmekçi bolýar

  • 28.04.2022 11:27
  • 13k+

Günortadaky Kampaniýa welaýatyndan 72 ýaşly italiýaly ýolbelet Wýenna Kammarota taryhda meşhur wenesiýaly täjir we syýahatçy Marko Polo (1254-1324) tarapyndan açylan “Ýüpek ýoly” ugrundan pyýada geçen ilkinji aýal bolup biler. Onuň 22 müň kilometrlik ýoly 15 ýurduň üstünden geçer we 2025-nji ýylda Pekinde tamamlanar.  

Sişenbe güni Wenesiýadan başlanan italiýaly syýahatçynyň ugry Sloweniýanyň, Horwatiýanyň, Serbiýanyň, Bolgariýanyň, Türkiýäniň we öňki SSSR-iň, şol sanda Türkmenistanyň çäginden geçer diýip, Guardian habar berýär. 

TASS-yň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Kammarota meşhur ýewropaly syýahatçynyň ýoluny gaýtalamak pikiriniň 5 ýyl mundan ozal dörändigini aýtdy. “Bu pikir germaniýaly ýazyjy Iogann Wolfgang fon Gýoteniň (1749-1832) beýan eden ugry boýunça syýahatymy tamamlanymdan soň peýda boldy. Men şonda 2017-nji ýylda Çehiýadan Sisiliýa pyýada gitdim” – diýip, ol aýtdy we Hytaýdan soň Afrikanyň günorta nokadyndan ugrap, dünýäni pyýada gezmek isleýändigini sözüniň üstüne goşdy.

“Meniň Italiýada durmuşa geçirjek pikirim meniň ýaşymdaky ähli aýallaryň arzuwlaryna ýetmek üçin batyrgaý bolmagynda jemlenýär, ýaşyň hiç hili ähmiýeti ýokdur. Men adamlar barada täze zatlary öwrenmegi halaýaryn, meniň üçin halklaryň medeniýetini we däp-dessurlaryny, olaryň aşhanasyny öwrenmek gyzykly” – diýip, syýahatçy aýtdy. 

50 ýyldan gowrak wagt bäri Italiýanyň medeni we tebigy mirasynyň goragy bilen meşgullanýan Archeoclub D’Italia assosiasiýasynda bellenilişi ýaly, Wýenna Kamarota öň Palestinada, Ysraýylda, Madagaskarda hem-de Tibetde, Patagoniýada we Amazonka derýasynyň basseýninde pyýada gezelenç etdi. 2017-nji ýylda ol Karlowy Wary terk edip, 2018-nji ýylyň iýun aýynda Messinada (Sisiliýa) öz syýahatyny tamamlady.  


düýn 21:38
5.1k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

düýn 12:02
5.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......