Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putine gutlag hatyny ýollady

  • 24.04.2022 13:32
  • 13k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmegine 20 ýyl dolmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

«Geçen döwür Şertnamanyň diňe bir biziň halklarymyzyň dostlugynyň we hoşniýetli goňşuçylygynyň taryhy däplerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, ikitaraplaýyn gatnaşyklary durnukly ösdürmek üçin hem pugta hukuk binýady döredýändigini aýdyň görkezýär» diýip, döwlet Baştutany Şertnamada göz öňünde tutulan mümkinçilikleriň amala aşyrylmagynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynanýandygyny tassyklady.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......