Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde täze köpugurly hassahanany açdy

  • 15.04.2022 18:48
  • 16k+

15-nji aprelde Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk täze köpugurly hassahana açylyp ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Balkan welaýatynda toý saparynda bolýan Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Hazaryň kenarynda 2019-njy ýylyň martynda gurluşygyna başlanan 7 gatly hassahanada dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak hem-de bejermek işleri göwnejaý ýola goýuldy. «Ussat inžener» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan dünýä derejesindäki hassahanada bölümleriň 27-si hereket eder.
Olaryň hatarynda dolandyryş; maslahat beriş; funksional anyklaýyş; şöhle bilen anyklaýyş; kabul ediş; dogrum; ginekologiýa; göwrelileriň patologiýasy; çaga kesellerini we bäbekleriň patologiýasyny özünde jemleýän çaga keselleri; çagalar hirurgiýasy; äň-ýüz hirurgiýasyny öz içine alýan otolaringologiýa; angiohirurgiýa, ýanyk, oftalmologiýa orunlary bolan umumy hirurgiýa; uroandrologiýa; neýrotrawmatologiýa; iç keseller; newrologiýa; endokrinologiýa; toksikologiýa we gemodializ; kardiologiýa; onkologiýa; stomatologiýa; anesteziologiýa we reanimasiýa; operasiýa; tiz kömek; fizioterapiýa we dikeldiş; merkezleşdirilen barlaghana bölümleri hem-de gan banky bar.


şu gün 00:31
292

BMGÖM Türkmenistana kliniki barlaghanalar üçin enjamlary we reaktiwleri getirdi

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (ÖM) Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Türkmenistanyň kliniki-barlaghana gullugyny güýçlendirmek» atly taslamanyň çäginde laboratoriýa enjamlarynyň, reaktiwleriň we sarp ediş serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny Türkmenistana gowşurdy...

19.11.2025 13:53
4k+

Ýaponiýaly lukmanlar türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) ýörite maksatnamasynyň çäklerinde Fukuoka şäheriniň Kýuşu milli uniwersitetiniň klinikasynyň lukmanlary Türkmenistanda saparda bolup, ýerli hünärmenler bilen tejribelerini paýlaşýarlar...

19.11.2025 13:43
5.7k+

Derman serişdeleri gana goýberilen mikro-robotlar arkaly bellenilen ýere eltilip başlanar

Alymlar çäge däneleriniň ululygyndaky kiçijik robotlary döretdiler — olar gan damarlary arkaly hereket edip, derman serişdelerini zerur ýerine takyk eltip, soňra bedende ýaýrap (ereýär) ýok bolup bilýär. Bu mikro-robotlary dolandyrmak magnit meýdanlarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar, bu bolsa kapsulany bedeniň zerur böleklerine gönükdirmäge mümkinçilik berýär...

19.11.2025 11:12
6.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalara kömek bermegini dowam edýär

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy çagalaryň durmuşynyň abadançylygy ugrunda milli we halkara derejede giň gerimli işlerini dowam edýär....