Serdar Berdimuhamedow ýakynda Ýaponiýada geçiriljek Suw sammitine gatnaşmaga çakylyk aldy

  • 14.04.2022 13:03
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-24-nji aprelde Kumamoto şäherinde geçiriljek dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmaga Ýaponiýanyň Hökümetinden çakylyk aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezident bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda 13-nji aprelde bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde nygtaldy.

Hususan-da, sammite çakylyk üçin Ýaponiýanyň Hökümet Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda suw serişdeleriniň tygşytly hem-de netijeli peýdalanylmagynyň durnukly ösüşiň esasy kepili bolup durýandygyny nygtady. Suw meselesi halkara bileleşigiň öňünde durýan möhüm meseleleriň biridir, onuň oňyn çözülmegi ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär diýip, döwlet Baştutany belledi.

Ýeri gelende aýtsak, söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda öňde goýlan wezipeleriň amala aşyrylmagyna uly goşant goşýandyklary nygtaldy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......