Türkmenbaşy şäherinde täze köpugurly hassahana açylar

  • 09.04.2022 09:34
  • 10k+

Türkmenbaşy şäherinde gurlan 400 orunlyk köpugurly hassahananyň gurluşygy doly tamamlanandy we toplumyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Bu barada 8-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hasabat berip, dabaraly çäre mynasybetli işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama barada durup geçdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem gurulýan durmuş maksatly binalaryň, şol sanda Türkmenbaşy şäherinde gurluşygy tamamlanan köpugurly hassahananyň ähmiýeti barada aýdyp, täze toplumyň açylyş dabarasyny guramaçylykly geçirmek, meýilleşdirilen çäreleriň ýatda galyjy wakalara beslenmegini üpjün etmek babatda häkime hem-de beýleki degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle-de häkim şu ýyl Balkan welaýatynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri we onuň medeni maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berdi.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......