Türkmenistanda geçiriljek iri halkara çärelere taýýarlyk güýçlendirilýär

  • 09.04.2022 09:39
  • 13k+

Häzirki wagtda 2022-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek möhüm halkara çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Bular barada 8-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şol çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy bar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň gatnaşmagynda dürli halkara çäreleri geçirmek barada teklipleri taýýarlamagy hem-de bermegi, aýratyn-da, şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara çärelere düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


şu gün 22:09
120

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

şu gün 18:14
412

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
550

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......