Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Başlangyjy;
- 2-nji bölüm;
- 3-nji bölüm;
- 4-nji bölüm;
- 5-nji bölüm;
- 6-njy bölüm;
- 7-nji bölüm;
- 8-nji bölüm;
- 9-njy bölüm;
- 10-njy bölüm;
- 11-nji bölüm;
- 12-nji bölüm;
- 13-nji bölüm;
- 14-nji bölüm
Muňa çynlakaý garasaň, onda şu zatlardan gorkýan adamlaryň hakykatda baý bolmak arzuwy ýok, bolmanda, Hakyky Baýlyk barada hiç hili pikirleri ýok. Şonuň üçinem olar hiç zat edinmän ýaşap ýörler.
— Men muny näme üçin aýdýan diýsene — diýip, jenap Kammings sözüni dowam etdi, — eger-de siz Hakyky Baýlyga ýetmek isleýän bolsaňyz, onda ony edinmegiň uly lezzetiniň bardygyny duýmaly hemem bu pikiri özüňize baglamaly. Siz ony ähli zatdan beter isläp, adamyny bütinleý gurşap alýan isleg bilen islemeli. Siziň islegiňiz şeýlebir güýçli bolmaly, gerek bolsa munuň üçin öňüňizde duran islendik päsgelçilikden geçmäge taýyn bolmaly, elbetde, saglygyňa, halal durmuşyňa zyýan salmazlyk şerti bilen.
Ine, şonuň üçinem tä jany-teni bilen isleýänçä, hiç bir çilimkeş çilimini, arakhor aragyny, berhiz saklaýanlar bolsa agramyny ýeňledip bilmez. Eger-de durmuşda haýsydyr bir zada ýetmek isleýän bolsaňyz, sizde adamyny bütinleý gurşap alýan isleg bolmaly.
On bäş ýyl mundan ozal şol garry hytaýla duşanymda, men tozmagyň öňüsyrasyndadym hemem elimdäki ähli zadymy ýitiripdim. Men şäheriň esasy ýollarynyň biriniň ugrundaky ýangyç guýýan bekediň eýesidim. Işlerim örän şowunady. Şeýlebir oňatdy welin, onuň daşyndan ýolagçylary iýdirip-içirmek üçin restoran açyndym. Üç kilometr gündogardan täze, has uly ýol gurýançalar bar zat ugrunady, gaty oňat durmuşym bardy. Ýöne ýol gurlandan soň, bir gijäniň içinde bekediň gapdalyndan geçýän ulaglar azaldy. Girdeýjilerim azalyp, aradan alty aý geçenden soň, çykgynsyz ýagdaýa düşdim. Girdeýjiden-ä geçdim, hojalygy aýlamak üçin hiç ýerden pul tapmadym. Men bu işe ähli zadymy goýupdym. Ýaşym altmyşdan geçensoň elimdäkini ýitirip, gedaý galmak gaty kyn düşdi.
Ýaş ýigit ünsüni ýandepderçesinden sowdy.
— Siz altmyş ýaşdan geçeniňizden soň, ähli zady täzeden başlamaga mejbur bolduňyzmy — diýip, ol gulaklaryna ynanman sorady.
— Hawa — diýip, jenap Kammings tassyklady.
— Ýöne adamlaryň aglabasy bu ýaşda dynç alyşa çykýar ahyry — diýip, ýaş ýigit aýtdy. — Siz iň soňunda nähili işiň başyny tutduňyz?
— Başda mende hiç hili pikir ýokdy, ýöne bir zatlar etmelidigine düşünýärdim. Günlerde bir gün restoranymda otyrkam, o ýere orta boýly bir garry hytaýly geldi. Ol salamlaşdy-da, gapdalymdaky stolda oturdy. Örän mylaýym adam bolansoň, şobada gepimiz alyşdy. Ol bärde bişirilýän naharlaryň birini buýurdy-da, onuň özüne diýseň ýaraýandygyny aýtdy (bu ony-muny atyp, gyzardylan kartoşkady, muny özüm oýlap tapypdym). Bu nahar bärik gelýän adamlaryň ählisine ýaraýardy. Ol naharyny iýip bolandan soň: «Näme üçin bärsi boş?» diýip sorady. Men oňa täze ýol barada gürrüň berdim. Ol meniň näme etjegim barada gyzyklandy, men oňa: «Bilemok» diýip jogap berdim-de, ýigrimi ýylymy şu ýangyç guýýan bekedi hemem restorany gurmaga bagyşladygymy, täze ýol gurulmanka işlerimiň şowunadygyny, ýöne gapdalyňdan ulag geçmese, etjek alajyň ýokdugyny aýtdym.
Garry meni üns bilen synlady-da, şeýle diýdi:
«Bilýäňizmi näme, meniň ýurdumda her bir şowsuzlygyň ýany bilen özi ýaly ýa-da ondanam ullakan rowaçlygyň düwünçeginiň gelýändigine ynanýarlar».
«Oýun edýäňizmi? — diýip, men jogap berdim. — Eýsem ömrüň ýigrimi ýylyny bagyş eden zatlaryňy ýitirmegi siz rowaçlyk hasap edýäňizmi?»
«Hawa, sebäbi size has uly zat garaşýar. Haçan-da, bir gapy ýapylanda, adam beýlekisini açmaga mejbur bolýar. Eger siziň islegiňiz ýeterlik derejede güýçli bolsa hemem muny etmek üçin ähli zada taýyn bolsaňyz… durmuşda islän zadyňyza ýetip bilersiňiz».
Men näme etmelidigi hemem bu ýagdaýyň gowy tarapyny nädip tapmalydygy barada oýlanyp, penjireden daşaryk garadym. Birje pursat beýläme garandyryn, şondan kän däl, ýöne gapdalymdaky stola äňeden wagtym, garry eýýäm ýokdy. Stolda iýip-içilen zatlaryň puly hemem bir tagta kagyz bardy. Kagyzyň ýüzünde on sany adamyň ady, telefon belgisi we goşmaça ýazgy bardy: «Naharyňyz üçin sag boluň. Siziň gyzardylan kartoşkaňyza söz ýok!»
Jenap Kammings çaý owurtlady-da, sözüni dowam etdi:
— Men garry barada bir zatlar bilmek üçin şol wagtyň özünde kagyzdaky adamlaryň baryna jaň etdim, ýöne oňa derek Hakyky Baýlygyň syrlaryny bildim. Öňem aýdyşym ýaly, men çykgynsyz ýagdaýdadym, şonuň üçinem ähli zada taýyndym.
— Onsoň bu syrlar size kömek etdimi? — diýip, ýaş ýigit sorady.
— Daş-töweregiňize äňediň — diýip, jenap Kammings ýylgyrdy. — Eger Hakyky Baýlygyň syrlaryny bilmedik bolsam, men ýa-ha ajymdan ölerdim, ýa-da döwletiň berýän kömek puly bilen oňňut etmeli bolardym.
— Siziň çynyňyzmy? — diýip, ýigit sorady.
— Elbetde — diýip, jenap Kammings jogap berdi.
— Adamyny bütinleý gurşap alýan isleg sizi nähili ýol bilen baýlyga ýetirdi? — diýip, ýaş ýigit sorady.
(dowamy bar).