Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedowy gutlady

  • 18.03.2022 10:10
  • 5.2k+

17-nji martda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutany 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen netijelerine görä, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutany soňky ýyllarda taraplaryň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek we pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary edýändiklerini nygtap, köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň ählumumy bähbitlere laýyklykda geljekde-de yzygiderli ösdüriljekdigine hem-de berkidiljekdigine pugta ynam bildirdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-premýeri, öz nobatynda, türkmen Liderini giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlary bilen gutlady. Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglary hem-de iň gowy arzuwlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň häzirki Prezidentiniň ýoluny dowam etdirjekdigini nygtady.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......