Özbek Lideri Berdimuhamedowyň ýaş ýolbaşçylara ýol bermek hakdaky çözgüdini goldaýar

  • 16.03.2022 14:42
  • 26k+

15-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen Lideri 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen jemlerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Şunda türkmen Lideri döwlet işini mundan beýläk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde işjeň dowam etjekdigini belledi.

Şawkat Mirziýoýew türkmen Lideriniň ýurdy ösdürmekde hem-de onuň halkara abraýyny belende götermekde ägirt uly goşandyny belläp, döwlet dolandyryşyna, oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän ýaş ýolbaşçylary giňden çekmek baradaky öňdengörüjilikli çözgüdini goldady hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barjak geljekki işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Özbegistanyň Prezidenti saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanan türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny tüýs ýürekden gutlap, oňa bu jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Prezidentiniň başlan syýasy ugruny dowam etdirjekdigini, hususan-da, ikitaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumyny giňeltmek, iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine täze taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri görjekdigini nygtady.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......