Ilham Aliýew Serdar Berdimuhamedowy täze syýasy wezipesi bilen gutlady

  • 16.03.2022 14:30
  • 5.6k+

15-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutany kärdeşi bilen söhbetdeşlikde şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň yglan edilen jemleri boýunça Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti bolandygyny belledi.

Dostlukly döwletiň Baştutany Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa täze syýasy işinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi we täze Prezidentiň häzirki taryhy eýýamyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny gutlap, döwletiň we halkyň bähbidine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......