Ärdogan Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanmagy bilen gutlady

  • 16.03.2022 14:17
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlikde hem merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygy habar berildi. Türkmen Lideri işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, öz gezeginde, türkmen Liderini nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Rejep Taýyp Ärdogan döwleti dolandyrmagy has ýaş, gujur-gaýratly ýolbaşçylara bermek baradaky parasatly çözgüdini makullap, döwlet Baştutanyna täze ugurda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, ynanyşmak, hormat goýmak hem-de özara düşünişmek gatnaşyklarynyň, köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarda mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi. Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň we Prezidentiniň başlan ýoluny dowam etdirjekdigini aýtdy.


şu gün 11:38
470

Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

14-nji aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy....

düýn 14:32
4.7k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 14:07
6.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti meýdan we gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlarda alnyp barylýan häzirki......

13.04.2026 11:59
9.2k+

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini nygtady

Awstriýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşyk geçirdi....