Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Raşid Meredow bilen duşuşdy

  • 11.03.2022 18:33
  • 9.4k+

10-njy martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar bu guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy babatda pikir alyşdylar.

R.Meredow we B.Ýyldyrym türki halklarynyň däp-dessurlarynyň hem-de adatlarynyň derwaýys ähmiýetini nygtadylar. Bu ugurda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň Ýaşulular geňeşiniň işine işjeň gatnaşmaga gyzylanma bildirýändigini hem beýan etdi. 

Taraplar şeýle-de 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we onuň geçirilmeginiň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylarynyň topary bilen özara hereket etmegiň meselelerine-de aýratyn üns berdiler.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......