Berdimuhamedow parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi

  • 02.03.2022 18:24
  • 13k+

1-nji martda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi we onuň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda nusgalyk demokratik, hukuk, dünýewi döwleti hem-de raýat jemgyýetini döredendigimizi ynam bilen aýdyp bileris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň kabul edilen esasy ugurlaryna laýyklykda, şu ýyl kanun çykaryjylyk işinde öňümizde uly wezipeler durýar. Bu wezipeler adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanun çykaryjylyk we onuň kadalary, ykdysadyýeti, durmuş syýasaty ulgamyny, ylym, bilim, medeniýet hem-de ýaşlar syýasatynydyr sanly ulgamy öz içine alýar. Daşky gurşawy goramagy, tebigatdan peýdalanmagy we agrosenagat toplumyny, Türkmenistanyň daşary syýasy işini, ýerli wekilçilikli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, saýlawlary göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy we maksatnamalaýyn çykyşynda ýokarda agzalan ugurlary kanunçylyk taýdan goldamak üçin zerur bolan anyk çäreleri belledi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......