Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdede 7 mln 897 müň dollarlyk geleşik baglaşyldy

  • 28.02.2022 18:55
  • 5.2k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 897 müň dollaryndan gowrak boldy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, arassalanmadyk parafini, owganystanly telekeçiler bolsa, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, BAE-niň we Gyrgyzystanyň işewür toparynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplük ýerlenildi.
Nah ýüplük we haly önümleri Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagyztanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasy bölegini düzdi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 164 müň 275 dollaryna deň bolan portlandsementi, şeýle hem jemi bahasy 13 million 321 müň manatlykdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we el halylaryny satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......