Ahaldan hödürlenen dalaşgär daşoguzly saýlawçylar bilen duşuşdy

  • 24.02.2022 08:16
  • 10k+

23-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy M.Orazberdiýew ýygnananlary Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, onuň ýokary hünär derejesini we şahsy häsiýetlerini, guramaçylyk ukyplaryny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Bu maksatnama Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasaty alyp barýan döwlet hökmündäki derejesini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga, dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy we söwdany, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......