Raşid Meredow Moskwada parlamentara hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirdi

  • 24.02.2022 00:08
  • 3.5k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa resmi saparynyň çäklerinde daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýanyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işler boýunça komitetiniň başlygy G.Karasin bilen geçirilen duşuşygynyň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň we giňeltmegiň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Taraplar 2022-nji ýylyň maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi we oňa häzirden taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

 Bellenilişi ýaly, bu çäre sebitiň ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýadynyň üpjün edilmegi babatynda dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýe bolar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......