Aşgabadyň we Daşoguzyň raýatlarynyň teklipçi toparlary Prezidentlige dalaşgärini hödürlediler

  • 22.02.2022 08:50
  • 18k+

21-nji fewralda Aşgabat şäherinde raýatlaryň teklipçi topary maslahat geçirdi. Onda iň ýokary döwlet wezipesine Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýewi dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky teklibe garaldy.

Ýygnananlar iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň terjimehaly bilen tanyşdylar. Hydyr Nunnaýew Aşgabat şäheriniň Indira Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebini tamamlap, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hataryndaky harby gullugyndan soňra, 1997-nji ýylda zähmet ýoluna başlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna girmezinden ozal, ol saglygy goraýyş ulgamynyň dürli edaralarynda işledi. 2003-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini tamamlap, Ahal welaýatynyň Tejen etrap hassahanasynda lukman bolup işledi. 2005 — 2014-nji ýyllarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynda mugallym, 2011-nji ýylda bolsa bu kafedranyň müdiri bolup işledi. 2014-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

Hydyr Nunnaýewiň mugallymçylyk ylmyny ösdürmäge, türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemäge goşan uly goşandyny nygtap, ýygnananlar 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda iň ýokary döwlet wezipesine ony dalaşgär hökmünde hödürlemegi goldadylar.

Daşoguz welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary bolsa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlediler.

Maksat Ödeşow 2000-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlap, Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň elektrik aragatnaşyk kärhanasynda operator wezipesinde zähmet ýoluna başlady. 2002 — 2008-nji ýyllarda M.Ödeşow bu etrabyň häkimliginde dürli wezipelerde işledi, 2008-nji ýylyň dekabr aýynda TDP-niň etrap komitetiniň sekretarlygyna saýlandy, 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan häzirki wagta çenli bu komitetiň başlygy. Şeýle hem dalaşgär Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputaty boldy.

Ýygnananlar Maksat Ödeşowyň partiýa işine, döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslarynyň ösdürilmegine goşan saldamly goşandyny nygtap, 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda iň ýokary döwlet wezipesine ony dalaşgär hökmünde hödürlemegi goldadylar.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......