Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy brifing geçirdi

  • 17.02.2022 09:03
  • 12k+

15-nji fewralda Ankarada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we ýerli jemgyýetçilige giňişleýin maglumat bermek maksady bilen, brifing geçirildi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, brifinge Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Türkiýäniň Parlamentiniň türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir we toparyň agzalary, Ankaranyň Etimesgut etrap häkiminiň orunbasary Alaatdin Sonat, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň, Palatalar we biržalar birleşiginiň, daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri, ýurduň Mejlisiniň käbir deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, türk kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan wideorolikler görkezildi.

Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi ýurtda alnyp barylýan giň möçberli işler, Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanan üstünliklerimiz we ýeten belent sepgitlerimiz barada çykyş etdi. Şeýle-de Türkiýäniň Prezidentiniň Baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, deputatlar Ibrahim Aýdemir we Bedri Ýaşar we beýlekileriň çykyşlaryna orun berildi. Çäräniň dowamynda türkmen Lideriniň eserleri we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan sergi hem guraldy.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......