Türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumy gurlar

  • 16.02.2022 12:36
  • 11k+

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde gaýtadan işleýän senagat toplumy gurlar. Ony gurmak baradaky teklibi golaýda Gazagystanyň Hökümet wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde gazak tarapy öňe sürdi. Häzirki döwürde gazanylan ylalaşyga laýyklykda, ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagat desgasynyň guruljak ýerini kesgitlemek we bu ugurda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işler geçirilýär. Bu barada 15-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda türkmen Liderine hasabat berildi.

Maslahatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza bolan saparynyň çäklerinde gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumyny gurmak baradaky teklibi barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara bu teklipden gelip çykýan wezipeleri içgin öwrenmek, şol sanda senagat toplumynyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek meseleleri boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde teklip edilýän senagat toplumyny gurmak üçin ähli zerur düzümler, şol sanda awtomobil we demir ýollary bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany önümçilik desgasynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri degişli tarap bilen ylalaşmagy tabşyrdy.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......