Berdimuhamedow gazak kärdeşi bilen Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlaryny maslahatlaşdy

  • 15.02.2022 00:01
  • 25k+

14-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Onuň dowamynda gazak Lideri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji martda Türkmenistanda nobatdan daşary Prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky çözgüdini goldaýandygyny aýtdy.

 Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň ýazmagyna görä, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň wagtyndan ir prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky çözgüdini goldaýar. Gazak Lideriniň pikirine görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň ägirt uly syýasy we durmuş tejribesi, şübhesiz, bu döwletiň gülläp ösmegine sebäp bolar.

Telefon arkaly söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegini, şol sanda Kasym-Žomart Tokaýewiň geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de dostlukly ýurtlaryň Liderleri söwda, ykdysady, maýa goýumlar, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......