Berdimuhamedow koronawirus bilen kesellän Žirinowskä duýgudaşlyk bildirdi

  • 11.02.2022 01:00
  • 16k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Liberal demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskä hat iberip, koronawirus ýokanjy bilen kesellän hem-de hassahana ýerleşdirilen rus syýasatçysyna çuňňur duýgudaşlygyny beýan etdi. 

"Özüňize mahsus bolan ruhubelentlik we maksada okgunlylyk bilen häzirki wagtda siz bütin dünýäde görnükli syýasatçy hökmünde giňden tanalýarsyňyz. Bu häsiýetleriňiz size ýarawsyzlygy gysga wagtda ýeňip geçmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn. Siziň Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolandygyňyzy we biziň öňden gelýän dostumyzdygyňyzy bellemek meniň üçin ýakymlydyr" diýip türkmen Lideri hatynda belledi.

Ýeri gelende aýtsak, Wladimir Wolfowiç Žirinowskä 2017-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at berildi.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.4k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......