Berdimuhamedow Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezlerini gurmagy teklip etdi

  • 09.02.2022 01:32
  • 11k+

Türkmenistanda Halkara pediatriýa merkezi hem-de Aşgabatda ýene-de bir Stomatologiýa merkezi gurlar. Bu baradaky teklibi 8-nji fewralda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow beýan etdi we wise-premýer S.Toýlyýewe bu meseleleri düýpli öwrenmegi tabşyrdy.

Türkmen Lideri iş maslahatynyň dowamynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndaky bellenilen wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli zerur hasaplanýan desgalary gurmagy dowam etmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Şeýle-de wise-premýer S.Toýlyýew Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň arasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Hytaýdan 5 million sany waksinanyň Türkmenistana berlendigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdi.


15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.04.2026 20:12
8.6k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

08.04.2026 07:19
8.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7.4k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....