Stambul Ýewropada iň gowy syýahatçylyk ugry adyna dalaş edýär

  • 31.01.2022 12:48
  • 5.5k+

Ýewropa Komissiýasynyň Durnukly syýahatçylyk ulgamy (EDEN) Stambul şäherini Ýewropanyň iň gowy syýahatçylyk ugry diýen ada dalaşgärleriň sanawyna goşdy. Bu barada Anadolu agentligine salgylanyp, Trend habar berýär.

Sanawda Stambul bilen bir hatarda London, Rim, Amalfitan kenarýakasy, Afina, Krit adasy, Wena, Gras, Bawariýa, Neýmegen, Praga, Marbelýa, Lýuwen, Lýusern, Lahti, Klonakilti, Lýublýana we Oradýa ýaly Ýewropa şäherleri-de bar.
Ses berişlik 10-njy fewrala çenli şu salgyda dowam edýär.
Ýeňiji şol gün agşam yglan ediler. EDEN 2009-njy ýyldan bäri her ýyl iň gowy syýahatçylyk ugruny saýlaýar. 2021-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy syýahatçylyk ugry adyna dalaş edenleriň sanawyna Türkiýäniň Kappadokiýa sebiti goşuldy. Geçen ýylky bäsleşigiň ýeňijisi Portugaliýanyň Braga şäheri boldy. 


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......