Türkmenistana «Sputnik Laýt» sanjymynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy

  • 28.01.2022 19:36
  • 15k+

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan satyn alnan «Sputnik Laýt» sanjymynyň nobatdaky tapgyry anna güni Moskwadan Türkmenabadyň Halkara howa menziline gelip gowuşdy.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň saýtynda habar bermeklerine görä, ýük S7 awiakompaniýasynyň Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ýörite uçuşy bilen getirildi. Belläp geçsek, bu gatnaw arkaly 198 adam Türkmenistandan Russiýa äkidildi. Bu ýörite uçuş hasap boýunça 34-nji uçuşdyr.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 2021-nji ýylyň dekabrynda «Sputnik Laýt» sanjymyny bellige aldy. 10 müň doza sanjymdan ybarat bolan ilkinji tapgyr şol aýyň içinde ýurdumyza getirildi.


11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....