Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşdy

  • 28.01.2022 01:06
  • 4.5k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen Birinji «Merkezi Aziýa – Hindistan» Sammitine gatnaşdy. Şu, 2022-nji ýylyň sebitiň döwletleri we Hindistan üçin şanly sene – diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenendigi bellärliklidir.

Sammitde sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary – Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Premýer-ministr Narendra Modi Sammiti açyp, sebitiň ýurtlarynyň Liderleri bilen mähirli salamlaşdy we hemmelere şu duşuşyga gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirip, Hindistan Respublikasynyň Merkezi Aziýa bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa sebiti Hindistanyň ýakynlaşmak we giň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna garaýşynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Hindistan bilen Merkezi Aziýanyň özara hyzmatdaşlygy sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Sammit döwletara gatnaşyklarynyň netijeliligini has-da artdyrmalydyr. Munuň özi bolsa dürli derejelerde yzygiderli hyzmatdaşlyk üçin esasy üpjün eder.
Soňra Hindistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylara söz berdi. Olar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......