Ilon Maskyň sözlerinden soň Dogecoin-iň bahasy 10% ýokarlandy

  • 26.01.2022 23:24
  • 6.6k+

Tesla we SpaceX kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask McDonald's restoranlaryny tölegi kriptowalýutada almaga çagyryş edenden soň, sişenbe güni Dogecoin kriptowalýutasynyň bahasy 10%-den gowrak ýokarlanyp, 0,148 müň dollara barabar boldy. Bu barada TASS habar berýär.

Amerikaly işewür Twitter sahypasyndaky abunaçylaryna eger-de restoranlar tory Dogecoin-y töleg hökmünde kabul edip başlasalar, onda telewideniýede göni ýaýlymda McDonald's-dan «Heppi mil» iýjekdigine söz berdi.
Bu twit habary neşir edilýänçä, Dogecoin-nyň bahasy 0,136 müň dollardy. Ondan soňra Dogecoin-nyň bahasy 6,83% artyp, 0,141 müň dollar derejesinde saklandy.
Maskyň Twitter çykyşlary kriptowalýutalaryň bahasyna güýçli täsir edýärdi. Mysal üçin, geçen ýylyň 12-nji maýynda ol Tesla-nyň awtomobilleri üçin töleg hökmünde bitkoin almagyny bes etjekdigini yglan etdi. Şol gün, CNBC teleýaýlymynyň maglumatlaryna görä, kriptowalýuta bazarynyň kapitallaşdyrylmasy 365 mlrd dollar azaldy.
Mask Dogecoin barada Twitter sahypasynda mundan öň hem birnäçe gezek oňyn seslenipdi. Apreliň başynda ol «Dogecoin-y Aýa ibermegi wada etdi» maý aýynda bolsa, ol SpaceX-iň 2022-nji ýylda dolulygyna bu kriptowalýuta bilen tölenen şertnama boýunça Aýa emele hemra uçurjakdygyny aýtdy.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.5k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....