Berdimuhamedow oba hojalyk boýunça wise-premýeriň we häkimleriň işine nägilelik bildirdi

  • 24.01.2022 23:59
  • 17k+

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň häkimi, welaýatlaryň häkimleri, käbir wise-premýerler we Türkmenistanyň Baş prokurory gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda häkimler alyp barýan işleri, öňde durýan möhüm wezipeler barada hasabat berdiler. 

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, welaýatlaryň käbir etraplarynda degişli ekinleri ekmekde, bugdaýlara ösüş suwuny tutmakda, gowaça ekişine taýýarlyk görmekde, tehnikalary talabalaýyk ulanmakda, möwsümleýin oba hojalyk işlerini öz wagtynda alyp barmakda, şor suwa akabalaryny arassalamakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigine ünsi çekdi. Şeýle-de işleri talabalaýyk ýola goýmagy häkimlerden berk talap etdi. Maslahatyň barşynda wise-premýer E.Orazgeldiýewiň hem hasabaty diňlenildi.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp, ýurduň ähli welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň hem-de ekinleri ösdürip-ýetişdirmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň talabalaýyk guralmalydygyna ünsi çekdi. 

Welaýat häkimleriniň öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşmeýändigi, işleri bellenilen wagtda we ýokary hilli geçirmek boýunça guramaçylyk meseleleriniň pesdigi sebäpli, amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň hil derejesi talaba laýyk gelmeýär diýip, döwlet Baştutany belledi we bu baradaky gürrüňi dowam edip, welaýatlaryň häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň bu ugurda alyp barýan işlerine nägilelik bildirip, olardan öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi berk talap etdi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......