Türkmenistan halkara ulag geçelgeleri boýunça ýük daşalyşynyň möçberlerini has-da artdyrmak isleýär

  • 22.01.2022 13:15
  • 14k+

Hökümetiň 21-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag-logistika ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlary üçin bäsdeşlige ukyply nyrhlar kesgitlenip, logistikany ösdürmek üçin şertler döredilýär.

Häzirki wagtda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman üstaşyr ulag geçelgelerine Gazagystan, Katar we Hindistan ýaly ýurtlaryň goşulmagy bilen, bu ugurlary işjeňleşdirmek babatda synag ýüküni ugratmak, ýükleriň geçmeginde bökdençlikleriň döremezligini üpjün etmekde bar bolan meseleleri çözmek boýunça milli operatorlary kesgitlemek arkaly awtoulag we otly ýük kerwenlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Pakistan, Owganystan, Hindistan ýaly ýurtlar Russiýa, Gazagystana hem-de Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr ýükleri daşamaga, şonuň ýaly-da, Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça konteýner ýük daşalyşyny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Şeýle hem “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dürli kysymly gämileri gurmak meýilleşdirilýär. Şol gämileriň hatarynda demir ýol wagonlaryny daşamak üçin iki sany “Ro-Ro” hem-de bir gury ýük daşaýjy gämi bar. Şunuň bilen baglylykda, gämileriň şekil taslamalary hem-de olaryň häsiýetnamalary döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......