Türkmenistany geljek 30 ýylda ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanylýar

  • 22.01.2022 13:15
  • 9.6k+

21-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek hem-de 2021-nji ýylyň jemlerini jemlemek bilen bagly işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzy geljekki 30 ýylyň dowamynda ösdürmek maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şunda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde görkezijileri hem-de çaklanylýan maglumatlary taýýarlamak boýunça sazlaşykly işler alnyp barylýar. Wise-premýer pudaklaryň 2021-nji ýyl üçin önümçilik görkezijileriniň ýerine ýetirilişine hem-de olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna seljerme bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.

Şunuň bilen birlikde, “Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” işlenip düzüldi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly çäreler göz öňünde tutuldy.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......