Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkezindäki gurluşyklara baryp gördi

  • 18.01.2022 23:19
  • 16k+

18-nji ýanwarda Halkara ahalteke atçylyk toplumynda täze dünýä inen taýçanagy göreninden soň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezine geldi we bu ýerde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Bu ýerde türkmen Liderine edara ediş merkeziniň çäginde gurjak desgalaryň täze şekil taslamalary we çyzgylary görkezildi. Olaryň hatarynda çagalar baglary, inzener ulgamlary, myhmanhana we söwda merkezi bar.

Wise-premýer Ç.Gylyjow türkmen Liderine Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde türkmen telekeçileri tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanyndan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginde guruljak gurluşyklara badalga bermegini sorady.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň we Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurluşyklary alyp barýan potratçylaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmen Lideri bu ýerde atçylyk boýunça ýokary okuw mekdebiniň hem gurulýandygyny belläp, wise-premýer E.Orazgeldiýewe milli ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça, gerek bolsa, Döwlet býujetinden daşary hem serişdeleri goýbermegiň zerurdygyny nygtady.

Täze edara merkezindäki gurluşyklara gatnaşýan hususy kärhanalaryň käbiriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, türkmen Lideri bu ýerde iň häzirki zaman inženerçilik çözgütleriniň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň, amatly ekologiýa ýagdaýynyň döredilmeginiň esasy talaplar bolup durýandygyny nygtady.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......