«Merkezi Aziýa — Hindistan» sammiti pandemiýa zerarly onlaýn görnüşde geçip biler

  • 18.01.2022 15:22
  • 8k+

Hindistanda COVID-19 bilen keselleme ýagdaýynyň artýanlygy zerarly, ýurduň Häkimiýeti bäş sany Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny dabaraly ýörişe hormatly myhmanlar hökmünde çagyrmak hem-de premýer-ministr Narendra Modi bilen ýokary derejede duşuşyklary guramak meýilnamalaryny yza süýşürmek mümkinçiliklerine garaýar. Bu barada The Hindu neşiri habar berýär.

Gazetde bellenilişine görä, adatdan daşary ýagdaýlar hem-de Respublikanyň güni mynasybetli ýörişe gatnaşyjylaryň, onuň geçjek ugrunyň, şeýle hem tomaşaçylaryň sanynyň çäklendirilmegi bboýunça meýilnamalar Modiniň ýolbaşçylygynda şenbe güni geçirilen ýygnakda maslahatlaşyldy.
26-njy ýanwara meýilleşdirilen çäräni guraýan resmi adamlaryň aýtmagyna görä, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderlerine eger-de pandemiýa bilen bagly ýagdaýlar gowşamasa, smmite wideomaslahat görnüşinde gatnaşmaga teklip iberildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri — Tokaýew, Japarow, Rahmon, Berdimuhamedow we Mirziýoýew — 25-nji ýanwarda Delide Hindistan — Merkezi Aziýa sammitine gatnaşmalydy. Döwlet Baştutanlary dekabr aýynda baýramçylyk çäresine we sammite gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.
Hindistanyň resmi wekilleriniň beýan etmegine görä, eger-de adatdan daşary ýagdaýlar üçin meýilnama güýje girse, onda sammit tertibe laýyklykda, ýöne wideomaslahat görnüşinde geçiriler.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......