Türkmenistan gazak halkynyň abadançylygy üçin zerur tagallalary gaýgyrmaz

  • 12.01.2022 08:33
  • 11k+

11-nji ýanwarda Türki Döwletleriň Guramasynyň daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Ol Gazagystanda bolup geçýän wakalar sebäpli, dostlukly döwletiň halky üçin ýurdumyzyň zerur tagallalary etjekdigini mälim etdi.

TDIM-niň Metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, soňky günlerde Gazagystanda bolup geçen wakalar barada aýdyp, R.Meredow Türkmenistanyň bu ýurtdaky ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazagystanyň durnukly jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşine uly gyzyklanma bildirýändigini aýratyn nygtady.
Gazak halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edip, R.Meredow bu maksada ýetmek üçin Türkmenistanyň gerekli tagallalary amala aşyrjakdygy barada aýtdy.


08.06.2026 18:54
3.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......