Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş diplomatlary Gazagystandaky ýagdaýlar barada pikir alşarlar

  • 11.01.2022 12:30
  • 7.2k+

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş diplomatlary Gazagystandaky ýagdaýlary maslahatlaşarlar. Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň duşenbe güni ýaýradan pres-relizine salgylanyp, orient.tm maglumat berýär.

Gazagystandaky dowam edýän ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 11-nji ýanwarda Türki Döwletleriň Guramasynyň agza döwletleriniň we synçylarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň adatdan daşary mejlisi geçiriler. Ol guramada başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkiýäniň çagyrmagy boýunça guralar. Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglunyň başlyklyk etmegindäki mejlis wideoaragatnaşyk görnüşde geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan Türki Döwletleriň Guramasynda agza bolup, Türkmenistan we Wengriýa onda synçy derejesine eýedir.


18.06.2026 22:09
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.6k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.3k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......