Berdimuhamedow: «Koronawirusa garşy sanjymlar adamlaryň ýaşyna görä geçirilmelidir»

  • 10.01.2022 23:09
  • 27k+

10-njy ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirusyň ýaýramagyna garşy ýurtda alnyp barylýan çärelere aýratyn ünsi çekdi.

Wise-premýer, Türkmenistanda Kesellere garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy S.Toýlyýew hasabatynda koronawirusyň «omikron» atly täze görnüşiniň ýüze çykarylandygyny, onuň ýurdumyz bilen serhetleşýän goňşy döwletlerde epidemiologik ýagdaýy döredýändigini belläp, Türkmenistanda durnukly saglyk abadançylygyny mundan beýläk-de gorap saklamak, ýurdumyzyň çäklerine bu ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça yzygiderli işleriň dowam edýändigini habar berdi.

Türkmen Lideri adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli emele gelýän töwekgelçilikleriň täsirini peseltmäge, adamlaryň saglygyny goramaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmelidigine ünsi çekip, bu keseliň ýurdumyzyň çägine ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur çäreleriň görlendigini, waksinalaryň satyn alnyp, häzirki döwürde-de ilata sanjym geçirilýändigini nygtap, bu meselede arkaýynçylyga ýol berilmeli däldigini belledi. Çünki soňky günlerde sebitde koronawirusyň «omikron» görnüşi ýüze çykaryldy. Geçirilýän çäreleriň oňyn netijeleri bermegi üçin bu çäre adamlaryň ýaşyna görä geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutany nygtady.


15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

10.05.2026 18:46
4.3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

09.04.2026 20:12
8.6k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

08.04.2026 07:19
8.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......