Türkmenistan we Täjigistan özara haryt dolanyşygynyň möçberini 2,5 esse artdyrdy

  • 10.01.2022 13:47
  • 4.4k+

Türkmenistan Täjigistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasynda söwda dolanyşygynyň möçberini görnetin artdyran döwletleriniň hatarynda birinji orny eýeledi. Bu barada Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginde berlen maglumata salgylanyp, orient.tm habar berýär.  

Tj.sputniknews saýtynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2,5 esse ýokarlandy. Bilermenler munuň geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesi bilen baglydygyny nygtaýarlar.

Şol sanda iki ýurduň Hökümetiniň arasynda maliýe, ykdysady, söwda we senagat ulgamynlarynda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanda we Täjigistanda iki ýurduň Söwda öýlerini açmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnama, 2021 — 2023-nji ýyllarda söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň «Ýol kartasy», iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda Işewürlik geňeşini döretmek hakynda Ylalaşyk bar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......