S.Berdimuhamedow we R.Meredow Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 09.01.2022 22:27
  • 4.8k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow ýurduň daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredow hem gatnaşdy. Bu barada mfa.gov.ir saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän dünýä we sebit syýasatynyň wajyp meseleleri, hususan-da,  ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşligi barada aýdyp, syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.


13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 07:42
2k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......