Serdar Berdimuhamedow Lebaply satyjylar bilen söhbetdeş boldy, nyrhlary barlady

  • 23.12.2021 19:18
  • 41k+

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda wise-premýer gündogar sebitde döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, şeýle-de bazarlarda alyjylara hödürlenilýän önümler, olaryň bahalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň bazarlarynda bolup, ol ýerde zähmet çekýän satyjylar bilen gürrüňdeş bolup, olar üçin işlemäge döredilýän mümkinçilikler bilen gyzyklandy. Soňra ol Lebap welaýat häkimliginde maslahat geçirdi. Maslahatda welaýatda ýerine ýetirilýän işler, raýatlaryň ýaşamaklary, zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertlerdir mümkinçilikler bilen içgin gyzyklandy.
Ýeri gelende bellesek, Serdar Berdimuhamedow ozal ýurdumyzyň Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda bolup, bu sebitlerde alnyp barylýan işler, şol sanda bazarlarda alyjylara hödürlenilýän harytlaryň bahalary bilen tanyşdy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......