Raşid Meredow Yslamabatda pakistanly kärdeşi bilen duşuşdy

  • 19.12.2021 09:18
  • 4.9k+

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagtyna sapar bilen bardy. Onuň çäklerinde Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen duşuşyk geçirdi. 

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda 28-nji noýabrda türkmen paýtagtynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar, aýratyn-da, söwda-ykdysady ulgamdaky özara hereketlere hem-de onuň strategik esasyny düzýän energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berip, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hereketleriň işjeňleşdirilmegi ugrunda alnyp barylýan bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 20:14
1k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......