Ilon Mask işden çykyp, bloger karýerasyna başlamak isleýär

  • 12.12.2021 22:35
  • 9.3k+

Amerikaly telekeçi, Tesla-nyň ýerine ýetiriji müdiri we SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask işini taşlap, bloger işine başlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada iz.ru habar berýär. 

“Men işden çykmak we hemişelik esasda blogerçilik bilen meşgullanmak barada pikirlenýärin” – diýip, ol öz Twitterinde ýazdy. Ol ulanyjylaryň bu babatda nähili pikir edýändikleri bilen gyzyklandy. 

Işewüriň abunaçylary onuň pikirine oňyn baha berdiler. Olaryň käbiri Maska şahsy YouTube kanalyny açmagy teklip etdi. 

Mundan öňki habarynda telekeçi League of Legends onlaýn kompýuter oýnundan kadr ýerleşdiripdi. Şunuň bilen baglylykda, ulanyjylar Tesla-nyň ýolbaşçysy strimer bolar diýip çakladylar. Bu barada “Gazeta.ru” belleýär.

Belläp geçsek, “Forbesiň” milliarderler reýtinginiň maglumatlary boýunça, 1-nji noýabrda Mask baýlygy 300 mlrd dollardan geçen ilkinji adam boldy. Häzirki wagtda onuň baýlygy 263 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. 


10.05.2026 12:04
1.2k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......