Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlyk maksatnamasy boýunça onlaýn mejlis geçirildi

  • 08.12.2021 20:02
  • 3.6k+

7-nji dekabrda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki ýolbaşçy we utgaşdyryjy komitetiň mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, beýleki degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle-de BMG-niň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

TDIM-niň mfa.gov.tm saýtynda habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen, howpsuzlygy üpjün etmek, gender deňligi, ekologik meseleler we beýlekiler ýaly wajyp ugurlar boýunça özara hereketleriniň ösdürilmegi bilen bagly geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, durmuş-ykdysady ulgama degişli taslamalaryň amala aşyrylmagynyň, şeýle hem lukmançylyk diplomatiýasynyň ugry boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýeti babatda pikir alşyldy. 


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......