Türkmenistanda 6-12-nji dekabr aralygynda garaşylýan howa maglumaty

  • 05.12.2021 23:56
  • 19k+

TmCars.info okyjylaryny 6-12-nji dekabrda Türkmenistanyň çäginde garaşylýan howanyň ýagdaýy bilen tanyşdyrýar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbede howanyň temperaturasy +14 gradus bolar. Sişenbe we çarşenbe günleri +11 — +12 gradusa çenli aşaklar. Penşenbeden şenbä çenli +15 — +14 gradus bolar. Ýekşenbe güni +11 gradusa çenli sowar.

Balkan welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri +13 — +14 gradus bolar. Çarşenbe we penşenbe günleri +19 gradusa çenli gyzar. Anna güni +16 gradusa çenli aşaklar. Dynç günleri welaýatda howanyň gündizki maksimal temperaturasy +12 gradusa düşer.

Mary welaýatynda howa has durnuksyz bolar. Welaýatda duşenbe güni +18 gradus maýyl bolar. Sişenbe güni temperatura +13 gradusa çenli aşaklar, çarşenbede bolsa ýene-de +15 gradusa çenli çykar. Penşenbe we anna günleri +20 gradusa çenli maýyl bolar. Şenbe güni termometriň görkezijisi +12 gradusa çenli düşüp, gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy ahmal. Ýekşenbe güni howanyň temperaturasy +14 gradusa çenli ýokarlanar.

Lebap welaýatynda duşenbe güni +16 gradus bolar. Sişenbede termometriň görkezijileri +13 gradusa, çarşenbede bolsa, +11 gradusa çenli düşer. Penşenbeden anna gününe çenli +17 gradusa çenli maýyl howa bolar. Anna güni tizligi 15 metre ýetýän şemal howanyň sowamagyna, dynç günleri bolsa, +10 gradusa çenli düşmägine garaşylýar.

Daşoguz welaýatynda duşenbeden çarşenbä çenli howanyň temperaturasy +8 — +10 gradus aralygynda bolar. Penşenbe güni +13 gradus bolar. Anna güni termometriň görkezijisi +11 gradusa çenli düşüp, dynç günleri +8 gradus bolar.


08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 11:42
8.3k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

11.05.2026 09:43
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6.6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......