Türkmenistanyň baş diplomaty Duşenbede koreýaly kärdeşi bilen duşuşdy

  • 01.12.2021 07:33
  • 4k+

30-njy noýabrda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Çon Yý Ýon bilen hem gepleşikleri geçirdi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Bu ugurda diplomatlar yzygiderli köpugurly konsultatiw meýdança hökmünde çykyş edýän «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň işine ýokary baha berdiler. Şunda onuň energetika, infrastruktura, ulag we logistika, ylym we tilsimatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, sanlylaşdyrma, dokma we tokaý senagaty, oba hojalygy, howanyň üýtemegi we daşky gurşaw, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer ulgamyndaky özara hereketler ýaly ugurlar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýetli goşant goşýandygy hem nygtaldy.


düýn 16:30
503

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
696

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......