Raşid Meredow Duşanbede Emomali Rahmon bilen duşuşdy

  • 01.12.2021 07:25
  • 5.7k+

30-njy noýabrda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar golaýda türkmen paýtagtynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň derwaýys meselelerine geçmek bilen, taraplar türkmen-täjik özara hereketleriniň yzygiderli ösdürilýändigi nygtadylar. 
Taraplar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi jogap saparyna toplumlaýyn taýýarlyk bilen bagly meseleleri maslahatlaşdylar.

Ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň giňeldilmegine, şol sanda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da çuňlaşdyrylmagyna ygrarlydyklary hem beýan edildi.


08.06.2026 18:54
3.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......