Türkmen alymy Ýazgylyç Orazgylyjow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sylagyna mynasyp boldy

  • 29.11.2021 17:19
  • 14k+

28-nji noýabrda paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýokary guramaçylyk ýagdaýynda üstünlikli geçirildi. YHG-nyň döredilen gününe bagyşlanyp geçirilen bu sammite gurama agza döwletleriň ýolbaşçylary, hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi bilen YHG-nyň ýörite baýragy döredilip, oňa birnaçe ugurlar boýunça mynasyp adamlary hödürlemek  teklip edildi. Ykdysadyýet, medeniýet, sungat, taryh ýaly birnäçe ugurlar göz öňünde tutuldy. Agza döwletleriň hersinden bir görnükli adama bermek göz öňünde tutulan bu sylaga Türkmenistandan belli taryhçy alym Ýazgylyç Orazgylyjow mynasyp boldy. 

TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Ýazgylyç Orazgylyjow taryhymyza degişli birnäçe ylmy işleriň üstünde işledi. Köpsanly şägirtler ýetişdirdi. Hormatly Prezidentimiz uzak ýyllaryň dowamynda çeken öndümli zähmetini göz öňünde tutup, alym Ýazgylyç Orazgylyjowy taryh, edebiýat,  medeniýet ugurlary boýunca bu halkara sylagyna mynasyp gördi. 29-njy noýabrda 'Garagum' otelinde YHG-nyň 15-nji sammitiniň netijelerine bagyşlanan birifing-maslahatda görnükli türkmen alymyna bu sylag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sylagy YHG-nyň baş sekretary gowşurdy. 
Alym Ýazgylyç Orazgylyjow bu uly sylaga mynasyp görlendigi üçin türkmen Liderine çuňňur hoşallygyny bildirdi.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....