Raşid Meredow özbegistanly kärdeşi bilen gepleşikleri geçirdi

  • 27.11.2021 08:25
  • 3.2k+

26-njy noýabrda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisiniň meýdançasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň hem-de Abdulaziz Kamilowyň arasynda gepleşikler geçirildi.   

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, diplomatlar sebit derejesindäki özara hereketleriň depginine aýratyn ähmiýet bermek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň BMG, YHG, AHHG we beýleki guramalaryň çäklerindäki özara hereketlerine-de seredilip geçildi. Halkara düzümleriň çäklerindäki ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi nygtaldy. 


düýn 16:30
503

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
696

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......