Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşyldy

  • 20.11.2021 09:22
  • 3.7k+

19-njy noýabrda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktory Žužanna Hargitainiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy G.Müşşikow hem-de Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdylar.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň karz-maliýe edaralarynyň, hususy pudagynyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen alyp barýan özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy ekologiýa düzüjileriniň nazarda tutulmagy bilen, energetika we ulag pudaklarynda, ýeňil senagatda, kiçi we orta telekeçiligi goldamakda gatnaşyklaryň ösdürilmegi arkaly ÝTÖB bilen giň gerimli hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtady.

Şunlukda, ÝTÖB-nyň Merkezi Aziýa boýunça wekili, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasyna laýyklykda, türkmen tarapyna geljekde-de degişli goldawlary bermäge taýýarlygyny tassyklamak bilen, bu ugurda bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.


şu gün 11:05
832

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.4k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......