Türkmenistan resmi taýdan Türki geňeşde synçy derejesine eýe boldy

  • 13.11.2021 09:30
  • 6.5k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 12-nji noýabrda Stambulda türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň hem-de Türki geňeşiň Baş sekretary Bagdad Amreýewiň gatnaşmagynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammiti geçirildi. Gazagystanyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýew sammite sanly ulgam arkaly goşuldy. Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy derejede girmegi sammitiň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.

Ýokary derejeli duşuşykda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleri «Sanlylaşdyrma döwründe «ýaşyl» tehnologiýalar we «akylly» şäherler» diýen mesele babatda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de guramanyň geljegine degişli, şol sanda onuň adyny üýtgetmek baradaky birnäçe wajyp meseleler boýunça çözgütleri kabul etdiler. Üçünji ýurtlar we edaralar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň şertlerini kesgitlemek, Türki maýa goýum gaznasyny döretmek we 2040-njy ýyla çenli türki dünýäniň maksatnamasyny tassyklamak esasy meseleleriň hatarynda boldy.

Türkmen Lideri bu duşuşygyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, sebäbi şu gün biziň ýurdumyzyň Türki geňeşe synçy hökmünde girmegi barada çözgüdiň kabul edilýändigini aýtdy.

Ýer ýüzünde çylşyrymly ýagdaýlar, düýpli özgermeler bolup geçýän häzirki döwürde doganlyk halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge agzybirlikde çemeleşmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi munuň özi aýdyň we jogapkärli garaýyşlary işläp taýýarlamagy talap edýär diýmek bilen, döwlet Baştutany: «Türki dilli ýurtlaryň öz at-abraýyna we möhüm syýasy-diplomatik ýagdaýyna daýanýan ylalaşylan, işjeň garaýşy halkara hem-de sebit işlerinde, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýada, Hazar we Gara deňzi sebitlerinde, Günorta Kawkazda, Orta we Ýakyn Gündogarda durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de gorap saklamakda möhüm orny eýelemäge ukyplydyr» diýip nygtady.

Türki geňeşiň çäklerinde özara gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça teklipleriň birnäçesini beýan edip, Gurbanguly Berdimuhamedow türki dilli döwletleriň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga sammite gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, bu iki guramanyň ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, ekologiýa we ylym-bilim ýaly ugurlarda bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, biziň döwletlerimiziň kuwwatyny birleşdirmek, serişde, geografik, önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerimizi peýdalanmak diňe bir milli ykdysadyýetlerimizi ösdürmäge güýçli ýardam bermän, eýsem, Ýewraziýada tutuş geoykdysady düzüme hem düýbünden başga mazmun we häsiýet berer.

Gurama başlyklyk etmek Azerbaýjandan Türkiýä geçen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitiniň netijeleri boýunça Stambul jarnamasyna hem-de birnäçe kararnamalara gol çekildi.


düýn 19:38
4.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......