Awstriýanyň baş diplomaty Aşgabatda gepleşikleri geçirer

  • 08.11.2021 19:51
  • 4k+

4-9-njy noýabr aralygynda Awstriýa Respublikasynyň daşary işler ministri Mihael Linhart Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolýar. Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda saparda bolup, bu döwletleriň ýolbaşçy düzümleri bilen duşuşyklary geçiren jenap Linhart saparyň soňky gününde, 9-njy noýabrda Aşgabatda bolar.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatlarynda aýdylyşy ýaly, Awstriýanyň baş diplomatynyň Merkezi Aziýa döwletlerine saparynyň maksady ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hem-de Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri geçirmekden ybarat. Mihael Linhartyň bellemegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynda sanlylaşdyrma, gidroenergetika, saglygy goraýyş, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda uly mümkinçilikler bar. Şoňa görä-de, ol sebit ýurtlaryna saparynyň dowamynda ýany bilen köp sanly awstriýaly işewürleri hem alyp geldi.

Bäş günlük saparynyň çäklerinde Awstriýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Bişkekde geçirilen «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» birinji Ykdysady forumyna hem gatnaşdy. TmCars.info-nyň ozal hem habar berşi ýaly, bu ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow hem Gyrgyz Respublikasynda gulluk saparynda boldy we gyrgyz tarapy bilen birnäçe gepleşikleri geçirdi.

Saparynyň öň ýanynda Awstriýanyň baş diplomaty Owganystanyň ýakyn goňşulary bolandygy sebäpli, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ýurtdaky çökgünligi kadalaşdyrmakda esasy orun eýeleýändiklerini nygtady. Onuň sözlerine görä, Merkezi Aziýa döwletlerine sapary raýdaşlyk bildirmekden, halkara terrorçylykly hereketlere, guramaçylykly jenaýatçylyga we adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça bilelikde iş alyp barmak üçin teklipleri hödürlemekden ybaratdyr. Umuman, jenap Linhartyň bu sapary Awstriýanyň owgan halkyndan hem-de merkezi aziýaly hyzmatdaşlaryndan ýüz öwürmeýändigini tassyklamaga mümkinçilik berýär.


düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......