Dünýä liderleri 2030-njy ýyla çenli tokaýlaryň çapylmagyny bes etmek barada ylalaşdylar

  • 04.11.2021 20:15
  • 11k+

Glazgoda geçirilýän BMG-niň klimat boýunça sammitinde dünýä döwletleriniň 100-den gowrak lideri 2030-njy ýyla çenli tokaýlaryň ýok edilmegini bes etjekdigini aýtdylar. Bu barada BBC habar gullugyna salgylanyp, interfax.ru habar berdi.

Bu karary goldaýan ýurtlaryň arasynda Braziliýa, Russiýa, Kanada, Kolumbiýa, ABŞ, Beýik Britaniýa we Indoneziýa bar. Bu ýurtlaryň umumylykda dünýädäki tokaýlaryň 85%-ini tutýandygy bellenildi.
Ylalaşyk 20 milliard dollar bölüp bermegi öz içine alýar. Onuň bir bölegi eýýäm zeper ýeten tokaý ýerlerini dikeltmäge we tokaý ýangynlaryna garşy göreşe gönükdiriler.
Şeýle hem 28 ýurduň hökümetleri oba hojalygynyň, esasanam palma ýagyny, kakao we soýa öndürmegiň hatyrasyna tokaýlaryň çapylmagyny bes etmegi maksat edinýärler.
BBC Indoneziýanyň dünýäde palma ýagyny iň köp eksport edýän ýurtdugyny, bu önümçiligiň tokaýlaryň weýran bolmagyna we ýerli halklaryň ýaşaýan ýerleriniň ýitmegine sebäp bolýandygyny ýatladýar.


25.06.2026 19:11
5.5k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

25.06.2026 14:59
7.3k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

18.06.2026 09:51
3k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......