5G aragatnaşygynyň ornaşdyrylmagy ekologiýa oňyn täsir eder. Bu barada Ericsson kompaniýasynyň saýtynda ýerleşdirilen hasabatynda habar berilýär diýip, lenta.ru belleýär.
Resminamada maglumatlary geçirmegiň has netijeli usuly arkaly daşky gurşawa kömürturşy gazynyň zyňyndy möçberiniň azaljakdygy aýdylýar. Iň hapa dört pudakda – elektroenergetikada, transportda, önümçilikde we gurluşykda 5G ornaşdyrylan ýagdaýynda ýewropa sebitinde CO2 zyňyndylarynyň möçberi 55-170 mln tonna azalar. Bu 35 mln awtomobiliň ýoldan aýrylmagyna deňdir.
Kompaniýanyň hünärmenleri 2030-njy ýyla çenli 5G aragatnaşygyna geçmegiň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny ýylda 550 mln tonna azaltmaga kömek etjekdigini düşündirýärler. “Ulgama gönüden-göni birikmek mümkinçiligi uglerod zyňyndylarynyň derejesi pes bolan, ekologiýa taýdan arassa geljege geçmäge kömek eder we 2050-nji ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmaga täsirini ýetirer” – diýip, awtorlar belledi.
Alymlar bäşinji nesil standartynyň ornaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny belleýärler. Hünärmenleriň hasaplamasy boýunça, häzirki wagtda 5G aragatnaşygy dünýä ilatynyň diňe 15%-ine elýeterlidir. “Şeýle depgin bilen biz howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin 5G potensialyny doly ulanmak mümkinçiligini elden gidireris” – diýip, awtorlar bellediler we hökümetleri ulgam infrastrukturasynyň ösüşine itergi bermäge çagyrdylar.